SPORT

Ilon Mask degişmäni halaýar: “Mançester Ýunaýtedi” satyn almaýar

Amerikaly işewür we dünýäniň iň baý adamlaryndna biri bolan Ilon Mask özüniň “Tiwtter” jemgyýetçilik torundan ilki bilen Angliýanyň iň güýçli topary, Kristiano ronaldo ýaly ençeme ýyldyzlary jemleýän “Mançester Ýunaýted” toparyny satyn almak isleýändigini mälim etdi. Onuň bu habary köp sanly neşirlerde giňden şöhlelendirildi.

Eýsem, bu habar ýalan bolup çykdy. Ilon Mask degişme äheňinde şeýle habar ýaýradypdy. Ol ilkinji habarnamasyndan birnäçe sagat soňra ýene-de jemgyýetçilik torundan iňlis toparyny satyn almajakdygyny mälim edýär. Ol hiç hili sport toparyny satyn almak ýaly meýilnamasynyň ýokdugyny belleýär.

Angliýanyň iň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” 2005-nji ýyldan bäri ABŞ-dan Glezýer maşgalasyna degişlidir.

Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynda 20 gezek çempion bolup, rekord goýan “Mançester Ýunaýted” topary 2012-2013-nji möwsümde tälimçisi Aleks Ferguson işini tabşyrandna bäri, çempion bolup bilmän gelýär.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy