DÜNÝÄ

Ilkinji “akylly” ýol

Türkiýe Respublikasynda Ankara-Nigde arasyndaky uzynlygy 330 kilometre barabar bolan “Türkiýäniň iň akylly ýoly” ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan hem gatnaşdy.

“AKYLLY ÝOL” SÜRÜJILERIŇ PEÝDASYNA

Mundan ozal, Ankara bilen Nigdeniň arasyndaky aralygy 4 sagatdan 14 minutda geçilýän bolsa, täze gurlan “akylly” awtoban bilen bu aralygy 2 sagada 22 minutda geçmek bolar. “Akylly” ýol içerki we milli infrastrukturasy bilen bir merkezden dolandyrylar. Ulgamyň kömegi bilen sürüjilere awtoulag ýolunda ýüze çykyp biljek heläkçilikler, ýol-hadysalar we beýleki howply ýagdaýlar barada duýduryş berler.

Akylly ýol gözegçilik merkezinden gije-gündiziň dowamynda gözegçilik ediler. Ulgamda awtoulag ýolunda çykan ýol bozulmalaryny we ýüze çykyp biljek beýleki howply ýagdaýlar işjeňleşdiriler. Ýolda bolup geçýän oňaýsyz ýagdaýlar, ýolda ýerleşdirilen kameralar arkaly dolandyryş merkezine ýetiriler. Ýüze çykan hadysany göz öňüne tutup, merkezdäki operatorlar, sürüjilere akylly tehnologiýanyň kömegi bilen duýduryş bererler.

Ankara-Nigde ýol hereketi we ýol howpsuzlygy dolandyryjysy Mustafa Akbaş: “Awtoulag ýolunda ulag heläkçiligi ýüze çykanda ýa-da awtoulag saklananda ýa-da pyýada ýola giren mahaly, ulgam derrew işjeňleşdiriler. Wakalar esasy ekrana çykandan soňra, amallar başlanar” diýip belledi. Şeýle hem ol bu awtoulag ýolunyň gurluşygynyň şertnamasyna laýyklykda 2021-nji ýylyň iýun aýynda tamamlanmagy göz öňünde tutulandygyna garamazdan, bu taslamany wagtyndan öň tamamlamagy başarandyklaryny mälim etdi.

Şeýle hem Akbaş taslamanyň 113 kilometrlik Ajykuýu çatrygy  – Alaýhan çatrygy arasyndaky 2-nji bölegini şu ýylyň soňky çärýeginde tamamalp, awtoulag ýoluny doly ulanmaga taýýar etjekdiklerini mnälim etdi.

Bu ýoluň esasy aýratynlyklaryny biri hem uzynlygy 1,3 million metre barabar optiki- süýümli infrastrukturanyň gurnalmagydyr.

 

Ýene-de okaň

Kaýa Kallas: ÝB-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynda täze sahypa açylýar

Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň esasy bilim edaralaryna baryp gördi

Türkmenistan Rumyniýada Nowruz dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan bilen Rumyniýa ÝUNESKO-nyň çäginde hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygy geçirildi

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar