DÜNÝÄ

Ilçi Gozalow: МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sergi ilkinji gezek Merkezi Aziýada Türkmenistanda geçirilýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän  “MAMA NATURE” (“Ene tebigat”) halkara sungat sergisi üçin Türkmenistandaky akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri üçin ýörite gezelenç guraldy.

Şol gezelençde daşary ýurtly diplomatlar  МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sungat sergisi bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň gurnamagynda geçirilen gezelençde “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bilen söhbetdeş bolduk.

Ilçi 20-nji oktýabrda şeýle giň gerimli serginiň açylyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, halkara derejesindäki serginiň Merkezi Aziýada ilkinji bolup, Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guralýandygyny uly buýsanç bilen belledi.

Mundan ozal, bu serginiň dünýäniň birnäçe döwletinde guralandygyny bellän Azerbaýjanyň ilçisi Angliýa, Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa, Gruziýa ýaly ýene-de ençeme döwletlerde geçirilendigini belläp geçdi.

Serginiň ilkinji gezek 2024-nji ýylda BMG-niň “COP 29”  halkara maslahatynyň çäklerinde Bakudan guralandygyny aýdan Azerbaýjanyň ilçisi Gismat Gozalow şondan soňra dünýäde uly gyzyklanma döredendigini, serginiň esasy maksadynyň ene tebigat bolup durýandygyny, suratkeşleriň öz eserleri bilen tebigaty goramak üçin ähli adamlaryň tagalla etmegine ünsi çekmäge çemeleşýändiklerini aýtdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow bu serginiň iki doganlyk ýurduň – Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň medeniýete we ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini bellän Azerbaýjanyň ilçisi pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine şeýle döredilýän mümkinçilikler üçin özüniň hoşallygyny bildirdi.

Bilşiňiz ýaly, bu halkara sungat sergisi 20-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda öz işine başlapdy.

 

Aşgabatda МАМА «Ene Tebigat» atly halkara sungat sergisine gezelenç guraldy

Related posts

Türkmenistanda GFR-nyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny yzygiderli geçirmek teklip edildi

Din Tompson: Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris

Ata Watan Eserleri