SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukyby ýokarlandyrylýar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Maksatnamanyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp hem-de adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilatymyzyň saglygyny goramak babatda düşünjelerini artdyrmak hem-de her bir adamda öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin şahsy jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy.

Halkyň saglygyny gorap saklamak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletiň içeri syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde ilatyň sagdyn, işjeň hem-de döredijilik durmuşyny kepillendirmek, lukmanlaryň immunologiýa baradaky bilimlerini has-da ösdürmek, immun ulgamynyň işleýiş ýagdaýyna baha bermegiň esasy ölçegleri baradaky bilimleri girizmek we beýleki kadalar Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri bolup durýar.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, keselleriň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça innowasion tehnologiýalara esaslanýan çäreler durmuşa geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmagyň, keselleriň öňüni almagyň, irki anyklaýyş hem-de öz wagtynda bejeriş işleriniň bütin dünýä üçin ýeňil bolmadyk häzirki wagtda milli saglygy goraýşyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky, wajyp wezipeleriň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

 

Türkmenistanda Kowid-19-a garşy sanjymlar alnyp barylýar

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy