JEMGYÝET

Şu gün – ilat ýazuwy badalga aldy

Şu gün —17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek» şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlanýar.

Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr, şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.

Sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu çäräniň esasy aýratynlygydyr. Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi peýdalanylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabada gelen BMG-niň Bilermenler toparynyň Türkmenistanyň «Ilat ýazuwy — 2022-ä» görýän taýýarlygyna ýokary baha berip, biziň ýurdumyzyň bu çäräni halkara kadalara doly laýyklykda geçirmäge ygrarlydygyny nygtandyklaryny bellemek gerek.

Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny on ýylda azyndan bir gezek geçirmegi maslahat berýär. Munuň özi jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary almak üçin zerurdyr.

Şu gün badalga alýan bu çäre ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýlelikde, sanly tehnologiýalar has anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer, şeýle hem ilat ýazuwynyň deslapky hem-de gutarnykly netijelerini metbugatda öz wagtynda we doly çap etmäge ýardam berer.

Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri