JEMGYÝET

Ilat ýazuwy üçin raýatlar işe çekiler : Planşetli ilatdan soraşdyrma

Ilat ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen) geçirmek, alnan maglumatlary toplamak we gaýtadan işlemek üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň, olara berilýän birwagtlaýyn tölegi hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklamak hakynda Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň 2021-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanan Teribe laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen, mundan beýläk – Ilat ýazuwy) geçirmek we maglumatlary toplamak üçin işgärleri wagtlaýyn işe çekmegiň hem-de ýerine ýetiren işleri (hyzmatlary) üçin olara berilýän birwagtlaýyn töleginiň tertibi kesgitlendi.

Ilat ýazuwyny geçirmek boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti kämillik ýaşyna ýeten, ýokary ýa-da orta hünär bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlaryny işe çekmäge haklydyr. Türkmenstat bilen şu bölekde görkezilen işe çekilen raýatlaryň gatnaşyklary 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin Şertnama  esasynda düzgünleşdirilýär.

Şeýle hem, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek (synaglaýyn ilat ýazuwyny goşmak bilen)  boýunça işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin Şertnamanyň nusgasy tassyklanyldy.

Bellemeli zat, Ilatdan soraşma elektron göterijileriň (planşet) kömegi arkaly geçirilýär.

Bu barada has anyk maglumatlary şu şere basyp okap bilersiňiz!

 

Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewa sylaglandy

Ýene-de okaň

Sadyr Žaparow: “Türkmenistan Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny berkitmekde esasy orny eýeleýär”

Täjigistan Türkmenistanyň parahatçylyk başlangyçlaryny goldaýar

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder