BIZNES

IFT-2025: ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Şonuň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, tehnologiýa we maýa goýumlar babatda giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem kii we orta telekeçiligi ösdürmek, mundan başga-da, özara maýa goýumlaryny artdyrmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikde iş alyp barmaga giň mümkinçilik açjak ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Hususan-da, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri bilen Russiýa Federasiýasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň kompaniýalarynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyklara, özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çekildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň täze önümleriniň, maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu ylalaşyklar işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen, söwdanyň möçberini artdyrmaga we maýa goýumlaryň çekilmegine gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer

Aşgabatda IFT 2026 atly halkara forum geçirilýär