JEMGYÝET

Içeri işler ministrliginiň işgärleri jaý toýuny tutdylar

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Jaýlaryň gurluşygyny IIM-niň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler.

Täze jaýlaryň amatlylyk derejesi, otaglaryň ýerleşdirilişi ýokary ekologik ölçeglere laýyk gelýär we onuň gurluşygyna bildirilýän talaplar doly berjaý edilýär. Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi. Otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler bilen enjamlaşdyryldy, IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär we olaryň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy. Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy. Jaýlaryň hojalyk desgalary hem bar.

Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar. Şunuň ýaly jaýlar gurlanda, halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş ulgamyna degişli dessurlaryň aýratynlyklary, ýaşaýjylaryň sargytlary göz öňünde tutulýar. Olaryň gurluşygynda ýerli çig mallar esasynda taýýarlanan durnukly gurluşyk serişdeleri ulanyldy.

Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler bar. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerine niýetlenen ýerleriň göz öňünde tutulandygyny hem bellemeli.

Öýleriň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy, gök zolaklar döredildi. Ýollaryň gyralarynda, öýleriň ýanynda bag nahallary oturdyldy. Munuň özi ekologik abadançylygyň, adamlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmekleri üçin şertleriň döredilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

 

Ýene-de okaň

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Türkmen bedewi GDA halklaryny birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Koreýanyň öňdebaryjy neşiri Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky gazanan üstünliklerini beýan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

16-njy aprel: Döwletjan Ýagşymyradow Taýson Pedro bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri