DÜNÝÄ

Hytaýyň parlamenti ýurduň täze hökümet düzümini tassyklady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlandy we täze döwürde ýurduň hökmüet düzümi hem täzelendi.

Ýurduň Ählihytaý halk wekilleriniň 14-nji çagyrylyşynyň 1-nji mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň täze agzalary (hökümet düzümi) tassyklandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Li Sýan HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine saýlandy. Şol bir wagtda 26 ministrligiň, döwlet komitetleriniň we beýleki pudak edaralarynyň ýolbaşçylary tassyklandy. Ýolbaşçy düzüminiň aglabasy öňküligine galdy, diňe 2 ugurda ýolbaşçy täzelendi. Ol hem Lu Şanfu goranmak ministri, Çžen Şansze bolsa ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň başlygy boldy.

HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana täze orunbasarlar bellendi. Wise-premýer wezipelerine Din Sýuesýan, He Lifen, Çžan Gosin we Lýu Goýžun saýlandy.

Döwlet Geňeşiniň agzalygyna goranmak ministri Li Şanfu, jemgyýetçilik howpsuzlyk ministri Wan Sýaohun, hökümet sekretariatynyň başlygy U Çženlun, daşary işler ministri Sin Gan we Şen Isin saýlandy.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy