TEHNOLOGIÝA

Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Hytaýyň öňdebaryjy emeli intellekt kompaniýasy “DeepSeek”, R1 atly täze emeli intellekt modelini tanyşdyrdy. Bu model, dünýäde giňden ulanylýan “OpenAI”-nyň “ChatGPT” modeline meňzeş ukyplara eýe bolup, has arzan bahadan hyzmat edýär. “DeepSeek”-iň bu täze modeli emeli intellekt ulgamynda ýene bir uly ädim hökmünde kesgitlenýär.

“DeepSeek”-iň modeli näme üçin aýratyn?
R1 modeli, adaty emeli intellekt ulgamynyň çäginde däl-de, has çalt we netijeli maglumat işlemek ukyby bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu model, diňe $6 million çykdajy bilen taýýarlanyp, emeli intellekt pudagynda ýokary çykdajy talap edýän beýleki kompaniýalaryň işlerine garanyňda has tygşytlydyr.

“DeepSeek”-iň Üstünligiň Täsiri
“DeepSeek”-iň üstünlikleri diňe bir tehnologiýa ulgamynda däl, eýsem maliýe bazarlarynda hem täsirini görkezdi. “Nvidia” ýaly iri tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary pese gaçyp başlady, sebäbi “DeepSee”k modelleri ösen çipleriň iň pes derejesinde hem işläp biler. Bu ýagdaý, tehnologiýa bazaryndaky bäsdeşligiň güýçlenýändigini görkezýär.

Geljekki Maksatlar
“DeepSeek” kompaniýasy täze modeliniň dünýä bazaryna girmegi bilen, Hytaýyň emeli intellekt tehnologiýalaryndaky ornuny has-da güýçlendirmegi maksat edinýär. Şeýle hem R1 modeli, ulanyjylaryň durmuşyny aňsatlaşdyrmak we global meseleleri çözmekde täsirli çözgütleri hödürlemek üçin niýetlenendir.

“DeepSeek”-iň bu başlangyjy, global emeli intellekt ýaryşynda täze sahypa açdy we tehnologiýa bilen ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde möhüm rol oýnar diýlip garaşylýar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi