SPORT

Hytaýda Olimpiýa alawynyň 3 günlük ýörişi başlandy

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde ýene-de 2 günden, ýagny 4-nji fewralda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryna badalga berler.

Bu oýunlarynyň başlanmagyna 3 gün galanda Olimpiýa alawynyň 3 günlük ýörişine badalga berildi. Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýörişine Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen gatnaşdy. Ol Olimpiýa alawyny 80 ýaşly türgen Lo Çžihuanýa berdi.

Olimpiýa alawynyň ýörişine müňden gowrak adat gatnaşýar. Ol alawy 3 zolakdan geçirer, ýörişiň ugry Pekin şäheriniň merkezi, Çžanszýakou we goňşy Hebeý welaýaty gurşap alýar.

Bu çärä gatnaşýan 1,2 müňden gowrak adam ilatyň dürli gatlaklaryna  – alymlara, artistlere, mekdep okuwçylaryna wekilçilik edýärler. Umuman, bu çärä gatnaşýan adamlaryň iň ulusy 86 ýaşynda, iň kiçisi bolsa 14 ýaşynda.

Şeýle hem Olimpiýa alawynyň ýörişinde ilkinji gezek diňe adamlar däl, eýsem robotlar hem peýdalanylar. Mundan başga-da, käbir böleklerde bolsa, uçarmansyz ulag serişdeleriniň hem mümkinçilikleri ulanylar.

Olimpiýa oýunlarynyň alawy adatça, köp gün dowam edýär. Ýöne häzirki koronawirus çäklendirmeleri sebäpli bu çäräni gysgaldylan ugur bilen amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

XIV gyşky Olimpiýa oýunlary 4-20-nji fewral aralygynda geçiriler. Türgenler 3 klasterde ýaryşar: Pekinde (hokkeý, figuralaýyn typmak, kerling, konkili typma), Çžanszýakouda (snoubord, biatlon, lyžaly ýaryşlar, trapmlinden bökmek) we Ýansinde bolsa (skeleton, dag lyžasy, bobsler we sanili sport) ugurlarynda ýaryşlar geçiriler.

Şoňa görä-de, ýurduň 3 sebitinde Olimpiýa şäherçeleri döredildi.

 

Obameýang “Barselona” bilen ÅŸertnama baglaÅŸdy

Ýene-de okaň

Er-Riýadda boks gijesi: rus boksçylaryň çempionlyk tutluşygy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” topary wagtyndan öň TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi

Messi 2025-nji ýyldaky ilkinji resmi goluny geçirdi

Gwardiola: Husanow geljekde güýçli futbolçy bolar

Luis Dias “Barselonada” oýnamak isleýär