SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda 17 waksina synag edilýär

Häzir Hytaýda koronowirusa garşy waksinalaryň 17-si boýunça adamlarda synag geçirilýär. Bu barada ýurduň Milli halk gurultaýynyň wekili Çžan Ýesuý habar berdi.

Şeýle hem onuň aýtmagyna görä, waksinalaryň dördüsi goşmaça şertlerde goýberiler. Beýleki waksinalaryň köpüsinde bolsa synaglar jemleýji tapgyrlarda alnyp barylýar.

Aýdylmagyna görä, häzir Hytaý dünýäniň 60 döwletine waksina satýar.

3-nji martda «Financial Times» neşirinde peýda bolan başga bir habarda bolsa Hytaýyň ykdysady ugurdaky esasy bäsdeşi bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary Hindistana, Ýaponiýa, Awstraliýa we Aziýanyň beýleki käbir iri döwletlerine waksina satmak boýunça meýilnama taýýarlady. Garaz, iki döwletiň bäsdeşligi häzirki pandemiýa şertlerinde hem üznüksiz dowam edýär.

 

Ýewropada “Sputnik V” sanjymy üçin barlaga baÅŸlandy

 

 

Related posts

Ýewropa çäklendirmeleri ýatyryp başlady

Türkiýä rus “Sputnik V” sanjymyna garaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda antalýa baryp gördüler