BILIM

Hytaýda 1200 türkmen talyby bilim alýar

2007-nji ýylda Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň arasynda Ylalaşyk, 2013-nji ýylda Bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň arasynda Ähtnama, şeýle-de 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň Adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk baglaşyldy. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm internet neşirinde habar berilýär.

Şu gezekki saparyň çäklerinde-de iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 16-syna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem bar.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetara ylalaşygy esasynda Pekin, Şanhaý, Nanjin, Tianjin ýaly şäherlerde türkmenistanly ýaşlaryň 1200-den gowragy bilim alýar.

Ýeri gelende bellenilip geçilse, diňe 2022-nji ýylda  halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäginde köp sanly ylalaşyklara gol çekildi.

Olaryň hatarynda:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen “Astrahan döwlet uniwersiteti” ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
  • Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi bilen “Şalyçylyk federal ylmy merkezi” federal Döwlet býujet ylmy edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasaty öwreniş institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama;
  • Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilim ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ýene-de okaň

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Ata Watan Eserleri