DÜNÝÄ

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin arzanladylan wiza ýygym möhletini uzaltdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň wagtlaýyn peseltmek syýasatynyň möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdi. Ýeňillikli şertler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli güýjünde bolar.

Görkezilen maglumatlara görä, wiza tölegleriniň möçberleri aşakdaky ýaly bellenildi:

  • Bir gezeklik wiza — 41 ABŞ dollary;

  • Iki gezeklik wiza — 56 ABŞ dollary;

  • Alty aýlyk köp gezeklik wiza — 206 ABŞ dollary;

  • Bir ýyllyk köp gezeklik wiza — 386 ABŞ dollary.

HHR-nyň Ilçihanasy bu çäräniň wiza amallaryny ýönekeýleşdirmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Goşmaça maglumat we maslahat üçin +993 (12) 48-81-05 telefon belgisine jaň edip ýa-da ashgabat@csm.mfa.gov.cn elektron poçtasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi

Türkmenistan-Mongoliýa: parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy

Türkmenistan-Ýaponiýa: partiýalaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýlar

Türkmenistan bilen Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy