SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý-Türkmenistan ugry boýunça ilkinji ýük uçar gatnawy

23-nji iýulda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Hytaýyň Şençžen-Baoan halkara howa menzilinden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada tarap ilkinji ýük uçar gatnawyny ýerine ýetirmäge girişdi. Ilkinji ýük gatnawynda “akylly” elektronika enjamlary, egin-eşikler we beýleki harytlar ýüklenildi.

Hytaýyň “CGTN” neşiriniň habar bermegine görä, bu gatnawyň iki ýurduň arasynda ilkinji ýük gatnawynyň resmi taýdna açylandygynyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Şeýle hem bu gatnaw Hytaýyň Şençžen şäherinden Merkezi Aziýa ugry boýunça ilkinji gatnaw bolmagy bilen hem tapawutlanýar. Onuň açylmagy Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýoly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Italiýanyň Milan hem-de Hytaýyň Şençžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmaga başlajakdygyny mälim edipdi.

Bu gatnawlar hepdede bir gezek täze satyn alnan “Airbus A330-200 P2F” ýük uçarlary arkaly amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär