DÜNÝÄ

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Jelal-Abadda (Gyrgyzystan Respublikasy) Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Sebitiň iri taslamasynyň gurluşygyna başlanmagyna bagyşlanan dabara Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bu pursatyň Merkezi Aziýanyň geljegi üçin taryhy ähmiýetine ünsi çekdi:

“Täze demir ýol geçelgesi Günorta-Gündogar, Günbatar Aziýa we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna ýol açýan Ýewraziýa kontinental köprüsiniň günorta baglanyşygyna öwrüler. Bu ýol Hytaýdan Gyrgyzystana, şeýle hem Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, şol sanda Türkiýe we mundan beýläk Ýewropa Bileleşigine harytlaryň iberilmegini üpjün eder “-diýip belledi.

Dabara Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew gatnaşdy. Özbek Lideri dabara gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde: ““Kaşgar – Torugart – Makmal – Jelal-Abad – Andijan” ugry boýunça 20 stansiýa, 42 köpri we 25 tunel gurlar. Mundan başga-da, häzirki zaman üstaşyr we logistika infrastrukturasy, ammarlar we terminallar dörediler. Demirýol arkaly ýük daşamagyň ýyllyk mukdary 15 million tonna bolar.” diýip belledi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan bu dabara Hytaýyň Ösüş we özgertmeler boýunça döwlet komitetiniň başlygy Çžen Şanszeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

“Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan” demir ýol taslamasynyň umumy uzynlygy 532,53 km. 20 sany demir ýol menzili (iki sany geljegi uly), şol sanda 2 sany serhet stansiýasy, 1 geçiriji stansiýa, 4 sany aralyk stansiýasy we 13 sany duralga gurmak meýilleşdirilýär.

Jemi uzynlygy 16.06 km bolan 48 köpri, umumy uzynlygy 103,63 km bolan 27 tunel, köprüleriň we tunelleriň umumy uzynlygy 119,69 km, köprüleriň we tunelleriň umumy uzynlygyna gatnaşygy 39,3% bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy