SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý daşary ýurtlulara wizalaryň ähli görnüşini bermegi dikeldýär

Şu ýylyň 15-nji martyndan Hytaý Halk Respublikasy daşary ýurtly raýatlara wizanyň ähli görnüşlerini bermek işini täzeden dikeldýär. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy Hytaýa geljek daşary ýurt raýatlary üçin wizanyň ähli görnüşlerini bermek işini täzeden dikeltmek işine seretmäge taýýardygyny belledi.

Şeýle hem 15-nji martda 2020-nji ýylyň 28-nji martyndan öň berlen we möhleti tamamlanmaýan wizalaryň hem täzeden güýje girjekdigi bellenildi. Serhetýaka sebitlerinde serhetýaka wizalaryny bermek işi hem degişli şertleri ýerime ýetirmek şerti bilen ýola goýlar.

Mälim bolşy ýaly, pandemiýa sebäpli Hytaýda 2020-nji ýylyň 28-nji martynda daşary ýurt raýatlaryna ýurda girmek wagtlaýyn çäklendirilipdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Hytaýda pandemiýa sebäpli girizilen berk çäklendirmeler gowşadyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar