SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

Hytaýyň Daşary işler ministrligi täze wizasyz düzgüniň 17-nji fewraldan güýje girjekdigini we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam etjekdigini habar berdi.

Wizasyz düzgün Kanadanyň we Beýik Britaniýanyň adaty pasportlaryna eýe bolan raýatlara degişlidir. Bu düzgün işewürlik saparlary, syýahatçylyk, maşgala gezelenji we üstaşyr geçmek üçin Hytaýda 30 güne çenli bolmaga rugsat berýär.

Bu başlangyjyň başlanmagy Hytaýyň iň uly baýramy bolan, köpçülikleýin syýahatlar we maşgala duşuşyklary bilen utgaşýan Täze ýyly (Bahar baýramy) bilen gabat gelýär.

Bellenilişi ýaly, bu karar özara gatnaşyklary ýeňilleşdirmäge, daşary ýurtlularyň Hytaýdaky çärelere gatnaşmagyna şert döretmäge, şeýle hem syýahatçylygy we işewürlik saparlaryny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Mundan ozal Hytaýyň 40-dan gowrak döwletiň raýatlary üçin birtaraplaýyn wizasyz düzgüniň möhletini 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldandygy habar berlipdi.

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar