BIZNES

Hususyýetçilere oba hojalyk tehnika goldawy

Ýurdumyzda oba senagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. 2019-njy ýylda Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasy arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky strategik ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ady agzalan kompaniýadan 107 sany fiziki taraplar üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň birinji tapgyryny karz serişdeleriniň hasabyna satyn almaga ygtyýar berildi.

Bu tehnikalaryň bir bölümi ýurdumyza gelip gowuşdy. Galan bölegini şu ýylyň ahyryna çenli, galan tehnikalary geljek ýylyň aprel aýyna çenli getirmek meýilleşdirilýär. Ýeňillikli şertlerde oba hojalyk tehnikalaryň satyn alynmagy oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy taraplaryň tehniki mümkinçiliklerini gowulandyrmaga şertler döredýär.

Strategik ylalaşyga laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen “John Deere” kompaniýasynyň üpjün etmeginde hususy tarapar üçin satyn alynmagy teklip edilýän traktorlar hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy taýýarlandy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine hususy pudagynyň ornuny belledi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi