SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hurma koronawirusa garşy goramak mümkinçiligine eýe

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýerinde lukmanlar koronawirus ýokanjyna garşy göreş alyp barýarlar. Sebäbi wirusyň bu görnüşiniň täze-täze ştammlarynyň döremegi dowam edýär.

Golaýda, Ýaponiýanyň Nara uniwersitetiniň alymlary geçiren ylmy barlaglarynda bu ýokanja garşy yene-de bir täzeligiň üstündne bardylar. Lukmanlara görä, hurmanyň düzümindäki tanin koronawirusa ýolugmak ýa-da keseliň agyr geçmek ähtimallygyny peseldýär. bu ugurda geçirilen barlaglarda şeýle netije gelindi.

“Scientific Reports” žurnalynda alymlaryň bu ylmy synag işleirçap edildi. Alymlar hurmadaky tanin elementini alyp, ony homýaklarda synag etdiler. Ol hem garaşylan netijäni berdi.

Hurma köp ýurtlarda, hususan-da Aziýa döwletlerinde has meşhurdyr. Ol dürli witaminlere baý hökmünde jennet miwesi haspalanýar. Hurmanyň düzüminde A, C, B1, B2 we B3, fosfor, kalsiý, demir we natriý ýaly witaminlere baýdyr. Bu miwe ýürek kesellerine we täze döremelere garşy hem peýdalydyr.

 

 

Rysarlyk derejesini alan “Formula 1” türgeni

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!