Ata Watanymyz Türkmenistan toýly mekan. Watanymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Häzir bolsa ähli ynsanyň söýgili baýramy, sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramy täze ýyl uly şatlyk şowhun bilen bellenip geçilýär. Täze ýyl arçalary oturdylyp arçanyň daş-töweregi Aýazbabadyr Garpamyk we çagalar bilen gurşalan. Şeýle gyzykly baýram ýurdumyzyň ähli künjeginde bellenilşi ýaly Babadaýhan etrabymyzda hem uludan bellenilýar.
Ýakynda etrabymyzyň toý mekanynda “Hoş geldiň täze ýyl salam Täze ýyl” ady bilen Babadaýhan etrap häkimliginiň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly dynç alyşly çäre geçirildi. Çärä etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Aýdym-sazly çäre çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Halkyny toýly diýarda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi hem-de türkmen halkyny ýetip gelen täze ýyl baýramy bilen gutlap her bir öýe rusgal döwlet, nur bereket eçilmegini arzuw edýäs. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin.
Şöhrat Akmämmedow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap
Geňeşiniň baş hünärmeni.
