JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary

Milli Liderimiz Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady.

Türkmen we azerbaýjan halklarynyň gatnaşygy diňe bir taryhy doganlyk, köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklar, kökleriň, diliň, diniň, medeni-ahlak esaslarynyň umumylygy bilen çäklenmeýär. Bu günki gün iki döwletiň halkara we sebitara howpsuzlygy hem-de durnuklylygyny gorap saklamaga we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygy türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Bakuwda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde, Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüni döretmek baradaky meselä içgin seretmegi teklip etdi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ulag ulgamy hem barha pajarlap ösýär. Ulag ulgamynda örara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, awtomobil-parom we demir ýol-parom gatnawlarynyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak arkaly Türkmenbaşy we Baku portlarynyň, şeýle hem Alýat deňiz portunyň mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Soňky döwürde bu ugruň okgunly ösüşe eýe bolandygyny aýtdy. Ylym we bilim ugurlary boýunça, sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldi.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Medeniýet günlerini hem-de iki ýurduň döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň özara çykyşlaryny her ýyl guramagy, şeýle hem her ýyl iki ýurduň ýaşlar we çagalar döredijilik toparlarynyň özara çykyşlarynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

Türkmenistanda köp çagaly zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri