JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýerli çig malyň binýadynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümçilik desgasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz düwmäni basyp, täze senagat desgasyny işe girizdi. Gaplyk çüýşe önümlerini öndürýän kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezildi. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy onda döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.

ÖNÜMÇILIK PROSESI

Kärhanada önümçilik prosesi erediji peçden başlanýar. Ýerli kwars çägesinden, hek daşyndan, dolomitden we beýleki goşundylardan ybarat çig mal 1 müň 500 gradusa ýetýän ýokary gyzgynlykda eredilýär. Soňra aýna ergini paýlaýjy fider kanallary arkaly önümçiligiň indiki tapgyryna geçirilýär. Kärhanada şeýle fider kanallarynyň üçüsi ornaşdyrylyp, olaryň her biri öz önümçilik liniýasyny aýna ergini bilen üznüksiz üpjün edýär. Aýna ergini fiderlerden çüýşe önümlerini şekile getirýän “IS” enjamlaryna geçirilýär.

Bu ýokary tehnologiýaly enjamlar aýna erginini çişirmek arkaly dürli göwrümdäki gaplyk çüýşe önümlerini şekile getirýär. “IS” enjamlarynda şekil berlen önümler sowadyjy peje geçýär. Bu peçler gyzgyn aýna önümlerini kem-kemden sowatmak üçin ulanylýar. Eger-de önüm dogry we dürs sowadylmasa, aýnanyň içerki dartgynlylygy zerarly jaýrylmagy mümkin. Sowatma prosesi bu dartgynlylygy aýryp, önümleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada şeýle peçleriň 3-si ornaşdyrylypdyr. Sowadylan taýýar önüm konweýer lentalary boýunça hil barlag enjamlaryndan geçýär.

Kameralardyr datçikler bilen üpjün edilen bu enjamlar her önümi awtomatik ýagdaýda hil barlagyndan geçirýär. Hil barlagynyň ähli tapgyrlaryndan üstünlikli geçen önümler gaplama enjamyna ugradylýar. Bu ýerde olar awtomatik ýagdaýda gaplanyp, sarp edijilere ugratmak üçin ammarlara geçirilýär. Ähli tapgyrlaryň doly awtomatlaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

HALKARA GÜWÄNAMALAR

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Horn Glass Industries» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Stefan Erwin Meindl  Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine täze kärhanada ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýa Federatiw Respublikasynda hereket edýän we halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

Italiýa Respublikasynyň «Vetromeccanica Srl» kompaniýasynyň wekili Alessandro Nigro  Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine çüýşe önümlerini öndürýän önümhanada gurnalan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw we howpsuzlyk taýdan halkara standartlaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Şeýle-de önümhana Italiýanyň “Bottera” kompaniýasynyň halkara standartlaryna laýyk gelýän toplumlaýyn dolandyryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny tassyklaýan güwänamanyň gowşurylýandygy yglan edildi.

Ýene-de okaň

“Magtymguly Pyragy” çeper filmi Tatarystandaky halkara kinofestiwalda baýrak gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze oba – Döwletli mekan açyldy

Amangeldi Baýgeldiýew: “Makul Sözlük” hoşniýetli gatnaşyklarda özboluşly “dil köprisi” bolup hyzmat eder

“Makul Sözlük” internet neşirlerinde

Türkmenistanyň Prezidenti çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Täze kazylar wezipä bellendi