Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlup ulanmaga taýýar edilen häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary we dokma pudagynyň işgärleri gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.
KAKA DOKMA TOPLUMYNYŇ AÝRATYNLYKLARY
- Ýurdumyzda dokma senagatynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.
- Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap dokma toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
- Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde 60-dan gowrak kärhana bolup, onda 24 müňden gowrak adam zähmet çekýär.
- Dokma toplumlarynda öndürilýän dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa dokam önümleriň dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.
- Kaka dokma toplumynyň umumy bahasy 147 million 850 müň amerikan dollaryna barabardyr.
- Dokma toplumynda 5 müň tonna inçe süýümli pagta gaýtadan işlener.
- Döwrebap dokma toplumy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr.
- Toplumyň ulanylmaga berilmegi bilen onda 1 müň 300 adam zähmet çeker.
- Toplumyň eýeleýän meýdany 18 gektar bolup, önümçilik desgalaryndan başga-da, iki gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, ussahana, awtoduralga, ýangyn howpsuzlyk binasy bar.
- Döwrebap toplum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
- Italiýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egiriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy.
- Bu ýerde öndürjek ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligine ýetiriler we daşary döwletlere eksport ediler.
- Ýüplük egirmek üçin niýetlenilen enjamlar örän tygşytlylygy bilen tapawutlanyp, olar beýleki ugurdaş tehniki enjamlara garanyňda, 20% az elektroenergiýany sarp edýärler.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap dokma toplumynyň iş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz dokma toplumyndaky enjamlar bilen gyzyklanyp, barlaghanadaky enjamlar barada maglumat aldy.
Dokma toplumynyň açylyş dabarasynda Kaka dokma toplumynyň halkara ülňülerinde gurlandygy üçin oňa daşary ýurtly degişli düzümler tarapyndan hil we beýleki şahadatnamalar gowşuryldy.
Şeýle hem toplumyň açylyş dabarasynda dokma önümleriniň görkeziliş dabarasy guraldy.
Ãurdumyzda köpçülikleýin çäreleri çäklendirmek babatda teklipler taýýarlanar