JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde geçirilen XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Pekiniň Milli stadionynda, başgaça aýdylanda “Guş höwürtgesi” diýlip atlandyrylýan stadionda Olimpiýa oýunlaryna açylyş dabarasyna bagyşlanan dabaralar uly şowhun bilen geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiň agzalary Hytaý Halk Respublikasynyň iş saparynyň çäklerinde birnäçe gepleşikler geçirdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Wan I bilen duşuşdy. duşuşykda taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Hytaýyň “Tiz kömek” awtoulaglary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew bolsa, onlýan tertibinde Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Ertir Türkmenistanyň Prezidenti bilen HHR-iň Başlygynyň arasynda ýokary derejedäki ikiçäk duşuşyk geçiriler.

 

Pekinde Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy