DÜNÝÄ

Hormatly Prezidentimiz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň emele gelen ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny belledi.

“Häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze ýokary derejä çykarmak üçin geljekde hem ähli tagallalary etmäge taýýardyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmek bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz jenap Sadyr Japarowa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri