JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.

2025-nji ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär.

Ýene-de okaň

Professor Ýusup Azmun: “Makul Sözlük” diňe bir türkmenler üçin däl, eýsem beýleki halklar üçin hem peýdalydyr

Ata Watan Eserleri

“Makul habar” elektron gazeti (39-sany)

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk eder

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçiriler

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergisi geçirilýär