JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz bilen Prezident Serjio Mattarellanyň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.

Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy.

Şu gezekki sapar hem türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň has-da pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.

Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy. Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy. Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak dabarasy boldy. “Kwirinale” köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli garşylady.

Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada resmi saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri