BIZNES

Hormatly işewürler: «Menzilara bank hyzmaty»

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge hem mümkinçilik berer. Şeýle-de özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

«Menzilara bank hyzmaty» ulgamyny birikdirmek üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Müşderiler tarapyndan degişli resminamalar doldurylandan soňra, bankdan ulanyjynyň adyny we açarsözüni alyp, ýörite internet sahypasyndaky salgylanma girizip, bu hyzmatdan peýdalanyp bolar. Bu hyzmat ulgamy pul serişdeleriňizi günüň islendik wagtynda ygtybarly dolandyrmaga we wagtyňyzy tygşytlamaga ýardam eder.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 38-02-55, 38-02-33, 38-01-37.

www.dayhanbank.gov.tm

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy