TESWIRLER

Türkmen içmegi

Türkmen içmegi diýlende Kemine şahyryň kyrk ýamaly şylha içmegi göz öňünde janlanýar. Aslynda, tanymal şahyr gyş galasy hasaplanýan içmegini, başgaça atlandyrylyşy possuny täzeden tikinmäge gurby çatmaýan ýer urup, ýerde galan mazlum däl bolsa gerek. Ýogsam bolmasa, ol ençeme ýola Hywa gatnap, şol taýdaky akylly-başly din ulamalaryndan sapak, ylym-bilim alyp, dünýä garaýşyny, gözýetimini giňeltmäge, hiý, ýol, harjy, hal-ahwaly ýetermidi?! Şahyr ýaşan döwründe eýdip-beýdip bu günlügini tapsa, ertiri gaýgy-gam bolan garyp gasyrlaryň agyr durmuşyna gynalyp, jany ýanyp, goşgular goşýar. Rehimdar, hakykatçy, dogryçyl howandarlaryndan göwni bilen minnetdar millet, onuň hatyrasyna, şonuň adyndan telim degişmeler, şorta sözler, ýomaklar döredýär. Keminäniň kyrk ýamaly içmegi hem şol maksat bilen agza-dile düşen rowaýat bolmagy ähtimal. Hiç gözümden gidenok, agşam aýak ýygnanandan soňra gaba silkme telpekli, uzyn agar çäkmeniniň aşagynda düýe ýüňünden örülen gursakjaly gojalar içmeklerini eginlerine ýelpegeý atynyp, öýümize oturmaga, ondan-mundan gürrüň etmäge gelerdiler. Gara öýüň (indi oňa gara öý däl-de, ak öý diýilýär. Çüňki indi onda ak, sapaly durmuş gaýnap joşýar) ortasyndaky ojakda gyr sazagyň çypar omçasy lowurdap ýanyp, ýüzüňi çapady ýaly gyzartsa-da, arkaň ýylamazdy. Emma egni içmekli goja muny duýmazdy. Çünki onuň arkasynda gyş, sowuk penasy bolan içmek bardyr. Içmek çarwa ilatynyň hemme ýerde, hemme ýagdaýda ýanyndan, goşundan aýyrmaýan karary, mydary deý üýtgeşik egin-eşigidi. Çöle mal bakmaga gidýän çopanyň birlän-ikiläni bolmasa ýanyna ýorgan-düşek almazdy. Minneti içmeginden çekerdi. Dogry, keçe-de olaryň aýrylmaz hemrasydy. Çopanlar aşa sowuk bolanda ýanlarynyň aşagyna iki gat, üstlerine-de bir gat keçe örterdiler. Elbetde, keçä içmekden soň el uzadylardy. Gaý-garly, ýagyşly howada içmegi çöwrüp geýerdiler. Ýogsam onuň boýagany zaýalamagy mümkin. Bu bir ýagdaýy. Ikinjiden, içmegi çöwrüp geýseň onuň ýylylyk berijilik kuwwaty has artarmyş. Sebäp näme diýseň, içmegiň, syk ýüňleriniň arasyna düşen howa adam synasynyň gyzgyny netijesinde ýylap, hem-ä ony geýeni üşetmezmiş hem-de ezilen içmek tiz çalygarmyş.

dowaryň özünden gowy bilýäňmi?!

Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Sibirde gün görmeli bolan obadaşlarymyzyň şeýleräk gürrüň beripdi:

  • Asmandan nem damsa-da, barça bende içmegi çöwrüp geýýär. Muňa geň galyp, sebäbini anyklamakçy bolanymda, bir goja meni utandyraýdy:
  • Dogan, sen muny dowaryň özünden gowy bilýäňmi?!

Türkmen içmeginden häzirem ýek-ýarym çopanlaryň peýdalanyp ýörenlerine gözüň ilýär.  Olaryň içmek tikinmek aladasyny ýeňileşdiren uzaboýuna açylyp-ýapylýan tamdyr ýaly ýörite niýetlenen haltalar boldy. Onuň ýene bir gowy tarapy, ýylan-içýan, mör-möjek çykar hederiň ýok, dumly-duşyň goralgy. Içmekden diňe çarwalar däl, çomrular, ýagny şäherliler hem az peýdalanmady. Meşhur ýazyjymyz Berdi aga-da türkmen içmeginiň hözürini görýän eken.

Içmek tikinmek…

Ylmyň, tehnikanyň, gon senagatynyň ösen şu günki zamanynda deri bejerip, içmek tikinmeklik, elbetde ol diýen derdeserli däldir. Ýöne öňki eýýamda onuň görkezen görgüsini, hossasyny aýdyp-diýip, tükeder ýaly däldi. Şu ýerde pursatdan peýdalanyp, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň, ýorulmazlyklarynyň, irginsizlikleriniň, erjellikleriniň öňünde çalbaşyny egip, togap, tagzym edýärin. Siz waspyňyzy ýazyp aňrysyna ýetip bolmajak keramatdan gurnalan ýaly deňsiz-taýsyz ynsanlarsyňyz! Ozaly bilen, onuň derisine uly ähmiýet berip, goýny sürüden seçip-saýlap, pitikläp alardylar. Lagar düşen ýowar bilen baggoýunyň derisinden gaça durardylar. Olardan tikilen içmegiň hili pes bolup, çeken azabyňa degmezmiş. Ýazlan, ýüňi mäkäm ýeten goýna muşdak bolardylar. Onsoňam içmeklik ediljek dowary kowalap, ýüňüne ýapyşyp tutmagy ýok görerdiler. Gapyl durka art aýaklarynyň birinden ýapyşyp tutmalydy. Derileri ilki ýetik duzlapdyrlar. Soňra duzuny kakyp, çal-süýde eýläpdirler. Olary çal-süýde un garyp eýlänler hem bardy. Eýlemeklik işi birnäçe güne çekerdi. Eýi günde-günaşa barlap, täzeläp durulmalydy. Deriler mäkäm eýi iýende, olary gögümtil reňki soluşyp, agymtyl görnüşe geçerdi. Şonda olary birkemsiz ýuwup, silkip sererdiler. Gurandan soňra derileri deri daşy diýilýän ýörite daş bilen ençeme günläp sürüp, süýkäp, gazap olaryň ýüzündäki eti, ýagy düýptekary bilen goparyp aýrardylar. Işiň iň çökderi derileri gije-gündiz owkalap, çekip, süýündirip, pamyk ýaly ýumşak hala getirmekdedi. Bu iş gaty köp güne çekerdi. Dogrusy, muňa goňşy-golamlaram arkalaşardy. Owkalap boldum edeniňden soňra derileri toýnuklamalydy. Toýnuk diýilýäni düýe bilen odun getirilende tanapyň ujyna dakylan sözeniň ýa ýylgynyň bir tarapy ýiti, beýleki ýany aýa aýtymyndan giňräk süýrümtil şahasy. Derileri ýokarky işikden asylan toýnukdan zor bilen iki tarapa geçirip durardylar. Bu-da ýeňil-ýelpaý iş däldi, munuň bilen gumra bolan adamy gara dere batyrardy. Şunlukda, deri öňküsinden-de has ýumşap, taba gelip, giňelmegiň hem süýünmegiň soňky kaddyna ýeterdi. Soň bularyň daş ýüzüni üwelen naryň gabygyna zäk goşup, owran-owran endigan, sarylardylar. Deriler goýy sarymtyl reňke geçenden soňra, olardan içmek tikmeklige girişerdiler. Munuň üçin ökde biçimçi agtarmalydy. Käbir ökde biçimçileriniň gurlan içmegini ýeňlenmän, egnine alyp ylgasaň-da gerşiňden düşmezdi.  Emma, käbir biçimçileriň gurnan içmeginiň ýakasyndan eliňi aýryp bolmazdy, ezenegi agap durardy. Obamyzda Seýitmämmet aga, Soltanmämmet aga, Garataý aga, Nazar aga ýaly ussat biçimçiler ýaşap ötüpdi. Olaryň gurnan içmeklerine hiç kim dil ýetirip bilmezdi, iman baýlyklaryny berilsin!  Içmek edinmeklik aladasy hatyraly, jogapkärli iş hasap edilýärdi. Munuň üçin ýowar (üle hem diýilýär) edilip, biçimden başga iki sany aýal maşgala-da çagyrylardy. Kesesinden syn edip oturan, adamlaram az bolmazdy. Biçimçi derileriň içmek gurnajak her ülşüni ýedi ölçäp, bir kesip, beýläk goýan dessine tikinçi zenanlar ony köp gatlanan ýörite sapaklarda emaý bilen pugta tikerdiler. Içmegi tikmegem elujy iş däldi, ony belli-belli gelin-gyzlar başarardy. Ondan soň içmegiň öňüniň, ardynyň şeýle hem ýeňleriniň uçlaryna ýörite niýetlenip dokalan gyrmyzy matadan parawuzlardylar. Parawuz tikmegem kyn işdi, öňýeten zenan oňarmazdy. Sebäbi parawuzlyk matany öňki bolşy ýaly edip tikibermezdiler. Olary parçalap, nagyş ýasap parawuzlardylar. Parawuzlaryň öňüne barmak ini möçberde bagana tikseň, içmek has haýbatly görnerdi. Ýokarda gürrüňi edilen içmegimize gündeki geýilýän içmek diýilýärdi. Ol takmynan ýedi sany goýnuň dersinden amal bolýardy.Her öňýeteniň ýetibilmeýän içmegi silkme içmekdi. Munuňam tikilişi edil gündelik içmegiň tikilişi mysalydy. Bu içmek çak bilen dokuz sany tokly derisinden gurnalýardy. Içmege ýarar ýaly tokly derisini tapmakda iş bardy. Ol tokly, ozaly bilen, ýetim ösen däl-de, enesiniň owuz süýdünden doýan, iri, sagdyn bolmalydy. Galyberse-de, «ol tomsuň ortaky aýlarynda arkasynyň ýüňi buýralanyp, iki ýarylan bolmasa içmegiň ýylylyk saklaýşy, görki pes bolar» diýip, içmek ussalary sargardylar. Bir möwsümde şonça tokly derisini edinäýmek aňsat zat däldi.

Goňşy golamlaryň, obadaşlaryň döwleti artsyn, ýetmeziňi ýetirerdiler. Gündelik içmekli, silkme içmekli, tapawudy ýok, biziň töweregimizdaki obalarda tapylar ýaly bolsa saryja goýnuň derisinden haýyrlanjak bolardylar. Çakymça, olar saryja goýun ata-babalarymyzyň peýda gören miras maly diýip, şoňa ýykgyn edýän bolamaklary ähtimal. Türkmen içmegi baradaky söhbeti şu ýerde tamam etse-de boljakdy. Ýöne obada 7-nji synpda okaýan döwrümizde bolup geçen bir ahwal ýadyma düşdi-de onuň örüsini giňeltmeli bolaýdy.

Okuwçylaryň gyş dynç alyş (kanikul) günlerinde öýümize odun getirmek üçin gyra ýatyrlaýyn gidipdik. Dört-bäş oglandyk. Sazagyň gür çykan ýerine baryp, özümize odundan küme ýasandyk. Her haýsymyzyň odun ýüklär ýaly iki sany erkegimiz bardy. Towşanlaryň gatnawynyň kän ýerine gapanlarymyzy gurup, odun ýygmaga girişen badymyza, gapana düşen towşanyň sesi eşidildi. Awumyz oňdy, ýatýançak towşanyň ýene biri gapana düşdi. Begenişip, olary sazagyň gorunda bişirip kemsiz çaý-naharlansakda, wagty bilen ukymyz tutmady. «Urnaň üstüne durna» diýleni, şol mahal golaýdan möjegiň uwlan sesem gelip, gözümize çiş kakyldy. Erbet ýeri, ol barha kümämize ýakynlaşýardy. Awlan towşanymyzyň süňk-saňkynyň, ys-kokuny alan bolmaga çemeli. Üýşendik. Ondan goranmak üçin elimize ilen zady alyp, ör turdyk. Içimizde gorkyny-ürküni bilmeýän birimiz bardy. Ol :

-Men muny ürküzeýin, gorkuzaýyn diýdi-de, dädesiniň içmegini çöwre geýip, emedekläp daşaryk topuldy. Biz ýaňky oglanyň çirkin gygyryp, yzyna gaçanyny görsek-de, şol dem içmek bilen gyzyklanmadyk. Allanan möjek içmegi goýundyr öýdüp, oňa agyz uranam bolsa, lapy keç bolup, dört-bäş ädim aňarda ony taşlap gaçypdyr. Möjek içmegi düýt-müýt edenem bolsa, ýoldaşyma zeper ýetmändir.

Awtoryň ähli makalalaryny okamak üçin

Türkmenistanyň Hormatly il Ýaşulusy Hojagylyç Nazarow

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady