Şu gün «Hindistan-Merkezi Aziýa» birinji sammiti geçiriler. Sanly ulgam arkaly geçirilýän sammit Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlangyjy bilen geçirilýär.
Aslynda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi bu sammiti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Nýu-Deli şäherinde ýüzbe-ýüz geçirmegi maksat edinipdi. Ýöne koronawirus ýokanjy bilen baglylykda emele gelen ýagdaýlar sebäpli bu sammiti onlaýn tertibinde geçirmek göz öňünde tutuldy.
«Hindistan-Merkezi Aziýa» formatyndaky ýokary derejeli sammitde köptaraplaýyn gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk hem-de sebitiň durnuklylygynyň üpjün edilmegi we durnukly ösüş bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.
Hususan-da, gepleşiklerde söwda, senagat kärhanalary, «ýaşyl ykdysadyýet», innowasiýa we sanly tehnologiýalar, ulag we logistika, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi babatdaky meseleler boýunça pikir alşylar.
Sammitiň netijeleri boýunça Deli jarnamasy kabul edilip, ol dostlukly gatnaşyklary we ileri tutulýan ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdiriler.
Mälim bolşy ýaly, «Hindistan-Merkezi Aziýa» ugry boýunça daşary işler ministrleri derejesinde gepleşikler ýola goýlup, bu duşuşyklaryň eýýäm 3-si geçirildi.
Nebitgaz pudagyna 234 million manatdan gowrak serişde goýberiler