SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hindistan maýmyn mama keseline garşy sanjym taýýarlamagyň üstünde işleýär

Hindistanda iň uly sanjym öndüriji “Serum Hindistan” instituty (SII) ýylyň ahyryna çenli maýmyn mama keseline garşy (mpox wirusyna) sanjym taýýarlamagy meýilleşdirýär.

“Mpox wirusy sebäpli yglan edilen ählumumy saglyk ýagdaýy sebäpli bu kesele garşy sanjym taýýarlamak üçin işleýäris. Oňyn netije şu ýylyň ahyryna çenli gazanylar diýip umyt edýäris “-diýip, edaranyň müdiri Adara Poonawalla belläp geçdi.

Puna şäherindäki Milli wirus instituty, Hindistanda 30 sany maýmyn mama keseli ýüze çykan 2022-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän “mpox” nusgalaryny öwrenmek üçin Hindistanda öňdebaryjy lukmançylyk edarasyna öwrüldi.

Şu hepdäniň başynda hindi hökümeti “mpox” wirusynyň ýaýramak töwekgelçiligi sebäpli ýurduň serhedinde hüşgärligi ýokarlandyrmagy tabşyrdy. Keseliň ýüze çykmagy üçin howa menzillerinde, deňiz portlarynda we Bangladeş we Pakistan bilen serhetlerde gelýän daşary ýurtlulara gözegçilik güýçlendirildi.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady