TEHNOLOGIÝA

Hindi awiakompaniýasy 500 uçar sargyt etdi

Fransiýanyň Le-Burže sebitinde “Paris Air Show” awiasiýa-kosmos sergisi geçirilýär. 54-nji gezek geçirilýän bu halkara sergide uly möçberli şertnamalara gol çekildi.

Hindistanyň “IndiGo” awiakompaniýasy “Airbus A320” kysymly uçarlaryň 500 sanysyny sargyt etdi. Bu raýat awiasiýa pudagyndaky iň uly möçberli geleşikleriň biri boldy. Bu uçarlaryň gowşurylmagy bilen Hindistanyň awiakompaniýasynyň uçarlarynyň sany 1330-a deň bolar.

“IndiGo” – dünýäde çal depginlerde ösýän awiakompaniýalaryň biridir. Bu kompaniýa özüniň ilkinji “Airbus” kysymly uçaryny 2016-njy ýylyň martynda aldy. Şondan bäri Ýewropanyň iri uçar öndüriji kompaniýasynyň uçarlarynyň 264-sini satyn aldy.

Şeýle hem Fransiýadaky iri halkara sergisinde 150 milliard dollarlyk şertnamalara gol çekildi. Şolaryň biri hem “IndiGo” awiakompaniýays bilen gol çekilen şertnamadyr. Onuň bahasynyň 55 milliard dollar hökmünde çaklanylýar.

Bu sergä 46 ýurtdan gelen kompaniýalar öz önümlerini görkezdi.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi