JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (9-15-noýabr)

2020-nji ýylyň 9-15-nji noýabr aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdede aladalardan püre-pür, hemmetaraplaýyn gyzykly bolar. Hepdäniň başynda gepleşikleri alyp barmak, oňa taýýarlyk görmek işleri bilen bagly dürli oňaýsyzlyklaryň täsirine düşmejek boluň. Gazanylan ylalaşyklar, siziň oňa bolan gatnaşygyňyza garamazdan güýje girer. Şu ýagdaýda hamallara diňe öz bähbidini gözlemegiň aladasyny etmek galýar. Şol birwagtda hojalyk işlerini, özüňize ýakyn adamlary ýatdan çykarmaly däl. Şu döwürde siziň üns-aladaňyz olara öňküsinden has zerur bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu hepdäniň başynda özüni synçy hökmünde parahat we ümsüm alyp barmak sowurlar üçin iň gowy usul bolar. Siziň ýoldaşlaryňyz bilen gatnaşygyňyz dartgynly döwri başdan geçirýär. Onuň öňüni alyp bolsa gerek, ýöne şeýle kynçylyk giç ýüze çykdygyça, ol şonça-da çalt hem agyry-ynjysyz geçer. Şonuň üçinem bir gyra çekiliň-de, diňe synçy boluň. Alyp barýan işiňizde, ýagdaýlara garaýşyňyz hakdaky oý-pikirleriňizi we iş ýagdaýlaryny täzeçe guramak baradaky isleg-arzuwlaryňyzy aýtmak üçin wagt tapmaga çalşyň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepdede jöwzalara has baý mazmunly, ýöne şol birwagtda işjeň we köp zatlary wada berýän döwür garaşýar. Hepdäniň başyndaky ilkinji wakalaryň alan maglumatyňyzyň, gazanmakçy bolýan ylalaşyklaryňyzyň üstünlikli bolmagynyň ýa-da besläp ýören arzuwlaryňyza ýetmegiň açary bolup hyzmat etmegi ahmal. Her näme bolanda-da, jöwzalar göz öňünde tutan başlangyçlaryny amala aşyrmaga pikir edişlerinden has ýakyn barandyklaryny duýarlar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu hepdäniň başynda köp işläp, derwaýys meseleleriň aglabasyny çözjek boluň. Eýýäm hepdäniň ortalaryna çenli seretanlaryň iş öndürijiligi artar. Işe bolan höwesi bolsa öz ornuny wagty aladasyz geçirmek islegine berer. Bu hepde çylşyrymly meseleler ýüze çykmaz, şonuň üçinem seretanlar biraz wagt dynç alsalar-da bolar. Işden tapawutlylykda, seretanlaryň maşgala we şahsy durmuşy başgaça tertibe eýe. Olaryň işjeňligi bu döwrüň soňky günlerinde has artar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu hepde esetlere telekeçilik we iş gatnaşyklarynda şowlulyk, ol ýa-da beýleki köpsanly wakalar garaşýar. Maşgala we söýgi gatnaşyklary bolsa ikinji derejeli orny eýelär. Şol bir hadysalar we göz öňüne tutan maksatlaryňyza ýetmek üçin edýän hereketleriňiz gaýtalanyp duran ýalydyr. Her näme bolandada, bu döwürde daş-töweregindäkilere etsem-petsemleriniň juda ähmiýetlidigini subut etmek islegi esetlere hemra bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepdede birwagt başyňyzdan aýlap uran meseleleriňizi çözmäge duýdansyz mümkinçilik peýda bolaýsa, çekinmäň. Bu mümkinçilikden peýdalanmakdan gaça durmaň. Şu hepde şolar ýaly başlangyçlaryň şowly bolmagynyň tüýs wagtydyr, ýyldyzlara ynanaýyň. Söýgi gatnaşyklarynda we ýakyn adamlaryňyz babatdaky meselelerde asudalyk we dawaly ýagdaýlaryň köşeşmeginiň döwri başlanar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu hepde mizanlar üçin ýeterlik derejede rahat geçer. Bolup geçýän üýtgeşmelere goşulman garaşmaklygy saýlap almagyňyz üçin sizde ýeterlik sebäpler bar. Mizanlar ýüze çykyp biläýjek köpsanly oňaýsyzlyklardan gaça durup bilerler. Geljek hepdäniň başy sizi o diýen ruhlandyrmaz. Ýüze çykyp biläýjek düşünişmezliklerden çetde durmagy başarsaňyz, onda siziň üçin oňaýly döwür başlanyp biler. Geljek hepdede çakylyklardan gaça durmaň, oturylyşyklarda käbir meseleleriňiz oňaýly çözgüde eýe bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu hepdäniň başy işjeň hereketlerden gaýra çekilip, geçilen ýola we gazanylan üstünliklere göz aýlamagyň, mümkin bolan ugurlary göz öňünde tutup, nämeden ýüz öwürmelidigini we aýratyn üns bermelidigini kesgitlemegiň wagtydyr. Täze arzuwlaryň ýüze çykmagy gündelik iş-aladalaryň tamamlanandygyny aňladar. Üýtgeşmeler akraplardan käbir meselelere täzeçe dünýägaraýşy talap eder. Durmuşda we işde oýlanyşykly hereket ediň, ownuk hasap edýän meseleleriňize-de ünsli boluň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)     

Bu hepdede kowuslaryň özleriniň etsem-petsemlerini, kimiň dost ýa-da duşmandygyny kesgitlemäge asgyndygy bellidir. Her nämede bolsa, eger hepdäniň başynda siziň kelläňize maddy ýagdaýyňyzy gowulandyrmaga ýa-da daş-töweregiňizdäkileriň ýanynda mertebäňizi beýgeltmäge ýardam berip biläýjek pikir geläýse, onuň juda oňyn, iş ýüzünde ulanarlykly bolaýmagy mümkin. Siz bu ýagdaýdan hökman peýdalanaýmaly.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu hepdede jedilere, kähalatlarda, takyk bir çözgüde gelmek kyn bolar. Hepdäniň ahyrlarynda olar çylşyrymly meseläniň çözgüdini tapmaga mümkinçilik alarlar. Emma soňraky edilmeli işleri indiki hepdä goýsaň gowy bolar. Häzir takyk bir işi etmekden gaça durmak peýdalydyr. Üst-başyňa üns bermek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak ýa-da tebigata çykyp dynç almak jedilere şatlykly pursatlary bagyşlar.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Bu hepdäniň ilkinji günlerinde daş-töweregiňizdäkilerden kimdir biriniň gösgöni borçlaryny äsgermän, özüňiz bilmezden ýa-da razylygyňyzy almazdan käbir meseleleri siziň üstüňize atmagy ahmal. Daluwlar goşmaça işi etmek üçin hem bar güýjüni jemlemeli bolarlar. Ýöne, muňa gynanyp oturmaň, siziň yhlasyňyz miwesini berer, işiňize jür bolmagyňyz duýulman galmaz. Bu döwürde maşgala agzalaryňyzyň durmuşyna-da ünsli boluň, olara hemmetaraplaýyn ýardam ediň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu hepdäniň ahyrynda käbir maliýe meseleleriňiz çözgüdini tapar, zehiniňize üns berlip, işiňizde ýokary çekilmegiňiz hem mümkin. Üstünliklere garamazdan, olara buýsanyp oturmak gerek däl. Kiçigöwünliligiňizi, ruhubelentligiňizi saklaň. Siziň öňden galan meseleleriňiziň käbiri ýene-de örboýuna galar. Kähalatlarda, belli bir ýagdaýlarda adaty bolmadyk çemeleşmeleriň iň oňyn çözgüt bolýandygyny hiç haçan ýatdan çykarmaly däl. Yhlasly işläň, hemişe üstünlige ymtylyň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

 

makyl hyzmat terjime

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

Döredijilikli Balyklar kimler

 

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri