SPORT

Hepdäniň dowamyndaky transferler

Sport habarlar megerem hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, şu hepdäniň dowamyndaky futbol habarlaryna salgylanyp, meşhur oýunçylaryň haýsy toparlara transfer edilendigi baradaky habary size ýetirmegi makul bildik.

  1. Bawariýa PSŽ topary bilen şertnama baglaşdy. Ýagny, 18 ýaşyndaky goragçy Nýanzou Kuassi Bawariýa topary üçin 4 ýyllyk şertnama gol çekdi. Şernama laýyklykda, indi ýaş goragçy Nýanzou Kuassi 4 ýyl Bawariýanyň lybasynda meýdança çykar.
  2. Roma topary şu möwsümiň başynda Arsenaldan wagtlaýynça kireýine alan Genrih Mhitariýan bilen baglaşan şertnamasyny ýene-de bir ýyl uzaltdy. Ermeni futbolçy 2020-2021-nji ýyldaky möwsümde hem italiýan toparynyň lybasynda çykyş eder.
  3. Ýuwentus toparynda hem transferler işjeň alnyp barylýar. Has dogrusy Barselona toparynyň ýarymgoragçysy Artur 82 million ýewro pul mukdary bilen Ýuwentus toparyna transfer edildi.
  4. Braziliýaly futbolçy Artury Ýuwentus toparyna transfer eden Barselona, Ýuwentus toparynyň ýarymgoragçysy Pýaniçi 60 million ýewro pul mukdary bilen öz toparyna transfer amala aşyrdy. Ýagny, indi Pýaniç Barselona lybasynda, Artur bolsa Ýuwentus toparynyň lybasynda meýdança çykar. 
  5. Bundesliga toparlarynyň biri bolan Borussiýa Dortmund, Fransiýanyň çempiony bolan PSŽ toparynyň oýunçysy Tomas Meneni toparyna kabul etdi. Indi 28 ýaşyndaky Tomas Mene 2023-2024-nji ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli Borussiýa Dortmund toparynda oýnar. 
  6. Ýuwentus Mançester Siti toparynyň oýunçysy Feliks Korreýany öz toparyna goşdy. Bu transferiň garşylygyna bolsa, Ýuwentus toparynyň oýunçysy Pablo Moreno Mançester Siti toparyna goşyldy. Ýagny gysgaça aýtsak, Ýuwentus Feliks Korreýa bilen 5 ýyllyk, Mançester Siti bolsa Pablo Moreno bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.   
  7. Fransiýanyň birinji futbol liga toparlarynyň biri bolan Olimpik Marsel topary Pape Guweýi öz toparyna goşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy CAFA-nyň çempionatyna gatnaşar

Dünýä çempionatyna gatnaşjak Özbegistanyň futbol ýygyndysy swtoulag sowgat alar

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Taryhy gün: Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 349 medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar