Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barha golaýlaşýan günlerimizde ýurdumyzyň her bir ulgamynda gazanylýan üstünlikler toý sowgady bolup, ildeşlerimizi buýsandyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakalary buýsanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda asudalygyň, abadançylygyň höküm sürmegi, halkara we sebit ähmiýetli amala aşyrylýan taslamalar, öňe sürülýän başlangyçlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýdy.
Häzirki ajaýyp döwrümiz milli taryhymyzyň şan-şöhrata beslenen iň täze sahypalarydyr. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde ýurdumyz goňşy döwletler hem-de halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, asuda ýaşaýşa möhüm ähmiýet berilýär, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri rowaçlanýar. Çünki hemişelik Bitaraplyk düşünjesiniň esasynda hem halkymyza mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, ynanyşmak, asudalyk ýaly gymmatlyklar orun alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu asylly ýörelgeler dünýä ýaýylýar.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry, 2015-nji ýylyň 3-nji iýuny we 2025-nji ýylyň 21-nji marty — bu şanly seneler halkymyzyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Çünki şol senelerde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda deňi-taýy bolmadyk Kararnamany kabul etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edildi. Bu taryhy seneler ähli halkymyzda buýsanç döredýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde halkymyz abadan we parahat durmuşa buýsanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet bolup, parahatçylyk söýüjiligi dünýä ýaýýar, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan dünýäniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşygy ýola goýup, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Şeýle hem ýurdumyz taryhy, syýasy, ykdysady we medeni aragatnaşyklar arkaly baglanyşýan goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyga aýratyn üns berýär.
Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary ilerletmekde, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürüp, olary üstünlikli durmuşa geçirmekde nusgalyk işleri alyp barýan hemişelik Bitarap döwletdir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň halkara giňişliginde goldaw tapýan möhüm başlangyçlarydyr teklipleri munuň aýdyň güwäsidir. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan şol başlangyçlar diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde-de uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe süren wajyp teklipdir başlangyçlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän, Ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Jahan Bagnazarowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 1-nji talyby.
