DÜNÝÄ

Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň şu ýylyň ahyryna çenli geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güi mynasybetli geçirilen halkara maslahatda eden çykyşynda hem bu çäräniň geçirilmegine goldaw berjekdiklerini mälim edipdi.

Russiýanyň ilçisi munuň üçin hemmelere amatly bolar ýaly belli bir senäniň kesgitlenmeginiň zerurdygyny belledi. Taraplaryň hyzmatdaşlyklaryň jemlerine seredip, täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitläp biljekdigi bellenildi. Häzirki wagtda bilermenler derejesinde bu duşuşygyň gün tertibiniň meseleleri boýunça iş alnyp barylýandygy aýdyldy.

Rus diplomaty Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde gämigurluşyk ulgamynda mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýakyn wagtda Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň saparyna garaşylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar