JEMGYÝET

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagy maslahatlaşyldy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň wekiliýet agzalary “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanda iş saparynda bolan Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow habar berdi.

Azerbaýjan metbugatynyň habayrna görä, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow hem-de Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rowşan Najaf Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen duşuşdy.

– Türkmenistana amala aşyran iş saparymyň çäklerinde ürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow bilen ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdyk. Energiýa serişdeleriniň alyş-çalşygy we “Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek babatda hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny maslahatlaşdyk. Şeýle hem SOCAR kompaniýasynyň Türkmenistandaky ýataklary işläp düzmäge gatnaşmak mümkinçiliklerine seredildi – diýip, ministr belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Hazar deňizdäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ähtnama gol çekilipdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi