DÜNÝÄ

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

11-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçirilýän çärelere dostlukly döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Myhman saparyň dowamynda çagalaryň saglygyny goramakda, olaryň abadançylygyny üpjün etmekde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen döwrebap şertleriň aýratyn bellenilmäge mynasypdygy bellenildi.

Soňra Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardylar.

Ol ýerde çagalara ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan süýjülikler we dürli naz-nygmatlar sowgat hökmünde gowşuryldy.

Soňra myhman çagalaryň saglygyny dikeltmek we berkitmek, terbiýe we bilim bermek hem-de olaryň dynç almaklary üçin ähli zerur şertleri üpjün edilen Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hem-de Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri çagalaryň bähbidine alnyp barylýan ynsanperwer işleriň geljekde hem üstünliklere beslenmegini arzuw edip, mähirli hoşlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk