JEMGYÝET

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Türkmenistana sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri Arkadag şäherine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin geldiler.

Duşuşygyň barşynda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

«Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň uly sogaplydygyny aýratyn nygtamak bilen, gaznanyň işine ýokary baha berdiler.

Related posts

Türkmen Lideri’nin kitabına Türkiye’de büýük ilgi

vepa

Ejeme

vepa

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler