JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýu berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Olar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bilen öz tomaşaçylaryny has giňden tanyşdyrmak maksady bilen, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewadan interwýu bermegini haýyş etdiler.

Duşuşykdan soň O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusy ýakyn günlerde tomaşaçylara ýetiriler.

Meşhur teleýaýlymyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň interwýusynyň bu gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edendigini belledi.

Related posts

«Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysy

Ata Watan Eserleri

Türkmen metbugatyndan-25.01.2019ý

vepa

Tomaşa merkezlerinde şu hepde

vepa