SIZDEN GELENLER

Haýwanlaryň aýak yzlary

Gunduz. Gunduzlaryň 5 barmagy we giň ýassyjaklary bar. Barmaklarynyň arasyndaky ýargakdan (etiň daşyndaky perde) ýaňa palçykda olaryň aýak yzlary gaty bulaşyk we düşnüksiz görünýändir

Suw syçany. Bu syçanyň aýak yzlaryny suwlaryň golaýyndaky palçyklarda görmek bolar. Onuň öňki aýaklarynda 4 barmagy bar we aýak yzlary ýyldyza meňzeýär. Yzky aýaklary bolsa uzynrak bolup, 5 barmaklydyr.

Koýot. Koýot – ABŞ-da ýaşaýan möjegiň bir görnüşidir. Olar ýeňil we çalt ýöreýärler. Şonuň üçin koýotyň aýak yzlary inçe, göni çyzykda ýerleşýändir. Olaryň aýak yzlary itleriňki ýaly, ýöne biraz süýridir we ortadaky ýassyjaklary ulyrakdyr.

Ýenot. “Köpbilmiş” ýenotyň uzyn barmaklary bar. Ol barmaklaryny ir-iýmişleri ýygnamak ýa-da ýapyk, açmasy kyn bolan gutulary dörmek üçin ulanýar. Ýenotyň yzky aýaklary öňki aýaklaryndan uzyndyr we ähli aýagynda uzyn we ýiti dyrnaklary bardyr.

Belka. Bu haýwanyň aýaklary agaçlara münmek üçin niýetlenendir. Onuň güýçli barmaklary, uzyn dyrnaklary we ýumşak ýassyjaklary bar. Bularyň hemmesi agaçlara gowy dyrmaşmak üçin gerekdir. Belkanyň aýak yzlaryny palçykda görmek mümkin däldir. Onuň aýak yzlaryny gyş aýlarynda, garda görmek bolar

Gyzyl tilki. Itlerde bolşy ýaly, tilkileriň hem aýak yzlary has dürsdir. Tilkileriň aýak yzlary itleriňkiden kiçiräk we şekili boýunça üçburçlyga meňzeşräkdir. Tilkiniň ýüňi galyňrak bolansoň, gyşda onuň aýak yzlaryny tapmak has-da kynlaşýar.

Amerikan gyş towşany. Galyň ýüňli uzyn aýaklar bu towşana galyň garda üşemän we aşak çökmän bökmäge mümkinçilik berýär. Bu towşanyň öňki aýaklarynyň yzky bölegi 2 sany nokada meňzeýär, yzky aýaklarynyň yzky bölegi bolsa uzynrak, 2 çyzyk şekilinde bolýar

Garga. Gargalaryň aýaklary maýyşgak bolýar we adaty guşlarda bolşy ýaly 4 barmagy bar (3-si öňde 1-i yzda). Bu aýaklar şahalarda berk oturmak hat-da güýçli şemalda hem saklanmak üçin niýetlenendir. Gargalar barmaklaryny şahanyň daşyndan aýlap berk saklaýarlar.

     Taýýarlan: Kakageldi AGAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy