Albatroslaryň uçmagy üçin ganatlaryny şemala garşy dolulygyna açyp, howada saklanmagy ýeterlikdir. Olar şeýle görnüşde ganat kakmazdan, juda nuzak wagtlap uçup bilýärler.
- Gülli meýdanyň üstünden baran bal arysy haýal etmän öz öýjügine dolanýar. Onuň yzyna dolanmagy gülli meýdanyň bardygyny maşgalasyna habar bermek üçindir.
- Pişigiň murtunyň gyljagazlary onuň üçin örän möhümdir. Beýleki duýgy organlary ony ýeterlik derejede habarlar bilen üpjün etmedik halatynda ol murtyna bil baglamaly bolýar. Ol murtynyň kömegi bilen daş-töwerekdäki bolýan zatlary duýýar hem-deaw gözlegine çykýar.
- Arwana tohumly düýeler ortaça 20-25 ýyl ýaşaýarlar. Olar şol döwrüňiçinde 8-10 köşek berip bilýärler.
- Itiň iň sýrek görnüşi çinuhdyr. Onuň tohumy Amerikada ulag hökmünde ýetişdirilipdir. Dünýäde olaryň sany bary-ýogy 70 töweregidir.
- Ene zebra çagasyny sesinden tanap bilýär.
- Garagum çölünde guşlaryň 220-den gowrak görnüşine duşmak bolýar.
- Olaryň diňe 60 görnüşi bizde höwürtgeleýär, galany uçup geçýän guşlardyr.
- Pandalar günüň 12 sagadyny iýmitlenmäge sarp edýärler.
- Iň awyly ýylan suw kepjebaşydyr. Ýuwaş ummanynyň Awstraliýa golaý basseýninde duş gelýän bu ýylanlaryň awusy beýleki ýylan laryňkydan 100 esse güýçlüdir.
- Içýan howply jandardyr. Ol özüni goramak we awuny awlamak üçin töweregindäkileri çakýar. Guýrugyndaky iňňesiniňkömegi bilen zäherini garşysyndaky jandara geçirýär. Bu jandaryň hemme görnüşleriniň zäheri täsirli bolmaýar. Çöllerde ýa-da has yssy ýerlerde ýaşaýanlaryň zäheri örän güýçlüdir.
- Krokodilleriň gözleriniň örtügi iki gatdan durýar. Bularyň birisi ugurdaş, beýlekisi bolsa dikligine hereket edýär.
- Keýigiň şahynyň şahalarynyň sany tötänlikden däldir. Şahynyň näçe şahasy bar bolsa, onuň şonça-da ýaşy bardyr. Ýaşyna ýetmedik keýiklerde şah bolmaýar.
- Jandarlaryň arasynda iň doýmaz-dolmazy Demirgazyk Amerikada duş gelýän liçinkanyň bir görnüşidir. Ol dünýä gelenden soň ilkinji 48 sagatda öz agramyndan 86 müň esse agyr zat iýýär.
- Piller köplenç topar-topar bolup gezýärler. Eger-de içinde biri ýalňyş iş edäýse, onda olar ol pili öz aralaryndan kowup, oňa ýeke gezmek jezasyny berýärler. Bu bolsa pillerüçin iň uly jezadyr.
- Gunduzlar suwdan çykanlaryndan soň daranýarlar. Şonda olar darak hökmünde yzky aýaklaryny ulanýarlar.
- Kepjebaşyň boýy 5,58 metre ýetýänleri hem bar.
- Syrtlan öz güýçli äňi we dişleri bilen pilden başga ähli haýwanlaryň süňkini owradyp bilýän ýeke-täk haýwandyr.
- Balarysy 48 dereje gyzgynlykda ýaşap bilmeýär.
- Limuryň (maýmynpisntli haýwan) uzyn barmaklary bar. Ol şol barmaklary bilen agajyň gabygyny tarkyldayp, gurçuklaryň we tomzaklaryň nirededigini anyklaýar.
- Ýekeje siňek 24 sagadyň dowamynda müňlerçe esse köpelýär.
- Garynjalar tarapyndan goralýan baglar beýlekilere garanyňda ep-esli ýogyn bolýar. Şeýle-de olar baglary dürli hili mör-möjeklerden we kesellerden goraýanlygy üçin şol baglar beýlekilere görä 75 göterim suwuklyk az ýitirýär.
- Krokodilleriň deri dokumalary ýokdur. Şol sebäpli hem bu suw jandarlary derläp bilmeýärler.
- Ençeme asyr ýaşap geçen krokodiller diňe ösümlikler bilen iýmitlenipdir hem-de hin gazynmaga ukyply bolupdyrlar.
- Delfin çagasyny dünýä inen badyna üýşüp, ony ýyrtyjy balyklardan goraýarlar.
- Şagal sagatda 55 kilometr tizlikde ylgaýar.
- Şimpanzeleriň iň gowy görýän iýmiti garynjadyr.
Aşyrow Yhlasguly
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby
Nobel hepdeligi: himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy
