SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Harby gulluga ýaramly ýa-da ýaramly däl: Keselleriň sanawyna üýtgetme

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrigi bilelikdäki buýrugy kabul ettiler we bu buýruk bilen Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň we harby gullukçylaryň harby gulluga ýa-da harby hünärler boýunça gulluga çäklendirilen ýaramly ýa-da ýaramly däl, şeýle hem barlanylmaga we bejerilmäge mätäç diýlip ykrar edilmegine esas bolýan keselleriň hem-de şikesleriň Sanawyna üýtgetmeler girizildi.  2020-nji ýylyň 18-nji awgustynda çykarylan 163/239 belgili bilelikdäki buýruk Adalat Ministrliginiň web saýtyna ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministriniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda çykaran 277/381 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň we harby gullukçylaryň harby gulluga ýa-da harby hünärler boýunça gulluga çäklendirilen ýaramly ýa-da ýaramly däl, şeýle hem barlanylmaga we bejerilmäge mätäç diýlip ykrar edilmegine esas bolýan keselleriň hem-de şikesleriň Sanawyna üýtgetmeler girizmek hakynda buýrugy Size ýetirýäris.

Bu buýruk  «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» we «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary esasynda we «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 14-nji martynda çykaran 4709-njy Permanyna laýyklykda hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda 1123 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde lukmançylyk güwä geçmesi hakynda» Türkmenistanyň Goranmak ministriniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda çykaran 277/381 belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanan, Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň we harby gullukçylaryň harby gulluga ýa-da harby hünärler boýunça gulluga çäklendirilen ýaramly ýa-da ýaramly däl, şeýle hem barlanylmaga we bejerilmäge mätäç diýlip ykrar edilmegine esas bolýan keselleriň hem-de şikesleriň Sanawynda girizilen üýtgetmeleri aşakdaky linke basyp dolulygyna okap bilersiňiz!  Bu buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda 1384 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Buýrugy okamak üçin şu ýere basyň!

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder