JEMGYÝET

Halypa sazanda aradan çykdy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat merkeziniň medeniýet bölüminiň režissýory, halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýew aradan çykdy. Dürli nusgalyk eserleri döredip, aýdym-saz sungatyny söýüjileriň kalbynda orun tutan halypa sazandamyz dünýäsini täzeledi.

Hakberdi Hudaýberdiyew halk aýdym-sazlarynyň asyl nusgasyny ýoýmazdan elektron saz gurallarynyň üsti bilen estrada geçirmäge uly goşant goşan halypa sazandalaryň biridir. Halypa kompozitor özüniň döredijilik ýolunda ençeme gezek döwletimiz tarapyndan ýokary sylaglara mynasyp boldy. ol 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly adyň eýesi bolup, 2015-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk ýubileý medaly bilen sylaglandy. 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz akkardeon saz guralyny sowgat berdi. 2017-nji ýylda «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi.

Mälim bolşy ýaly, Hakberdi Hudaýberdiýew ýaňy ýakynda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi boldy.

Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty hökmünde halypa kompozitor, sazanda Hakberdi Hudaýberdiýew bilen Şa serpaýyny alandan soň, söhbetdeş bolupdyk. Türkmen sungatynyň has-da ösmegine mynasyp goşant goşan halypa sazanda, şol söhbetdeşlikde özüniň döredijilik ýoly barada gyzykly gürrüňler beripdi.

«Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň döredijilik toparynyň adyndan halypa sazanda iman baýlygyny dileýäris.

Halypa bilen gurnalan söhbetdeşligi okamak üçin

Hakberdi Hudaýberdiýew: Zehin bilen zähmet sazlaşanda…

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri