DÜNÝÄ

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň arasyndaky  köptaraplaýyn häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň, geljekde Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn gatnaşyklarda işjeňleşdirmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde geçen ýylda tassyklanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň ähmiýetine üns berildi. Şonda milli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmekde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, 2024-nji ýylda «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.

Şeýle hem Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, bu guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin Býurosynyň direktory Beata Andres Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdi.

Duşuşykda söhbetdeşler “2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki işleriň ýol kartasy” laýyklykda 2024-nji ýylda bilelikdäki işleriň netijelerini gözden geçirdiler.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Türkmenistan hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmen tarapy, HZG-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuwlary we seminarlary geçirmek boýunça işleri geçirmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi