SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Halkara syýahatçylygy täzeden dikelýär

Dünýäde emele gelýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, adamlar syýahat etmekden ýüz öwürmeýärler. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen çäklendirmeler ýatyrylandan soňra syýahatçylyk pudagy kem-kemden dikelip başlady.

BMG-niň Täzelikler merkeziniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň 5 aýynda halkara serhetleri 250 million daşary ýurtly syýahatçy kesip geçdi. Geçen ýyl degişli döwürde 77 million görkeziji emele gelipdi.

Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy syýahatçylyk pudagynyň ýuwaş-ýuwaşdan dikelip, pandemiýadan öňki derejesine gaýdyp gelýändigini belledi. Şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda dünýäniň ähli ugurlary boýunça halkara syýahatçylaryň sany ep-esli artdy.

ÝEWROPA WE AMERIKA ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Degişli hasabat döwründe Ýewropa halkara syýahatçylarynyň agramly bölegini kabul edip, 2021-nji ýyl deňeşdirilende ösüş 350 göterim boldy. Demirgazyk we Günorta Amerikada hem syýahatçylaryň sanynda uly artyş boldy. Käbir sebitlere gelýän syýahatçylaryň sany hem ýokarlandy. Olaryň hatarynda Wirjin adalary, Sen-Marten, Gonduras we Puerto-riko bar.

Syýahatçylyk pudagyna sarp edilýän çykdajylar hem ýokarlanýar. Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň syýahatçylarynyň gezelenç üçin edýän çykdajylary 70 göterimden 85 göterime çenli artdy. Hindistanyň, Saud Arabystanynyň we Kataryň syýahatçylarynyň çykdajylary hem 2019-njy ýylyň derejesinden geçdi.

Serbiýa, Seýşel adalary, Rumyniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Sent-Lýuis, Bosniýa we Gersegowina, Albaniýa, Pakistan, Türkiýe, Bangladeş. Salwador, Meksika, Horwatiýa we Portugaliýa ýaly ýurtlaryň syýahatçylyk pudagyndan gazanýan girdejileri pandemiýadan öňki derejesine ýetip barýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri