DÜNÝÄ

Halkara şepagat uýalary ýyly

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan 2020-nji ýyl Halkara şepagat uýalar ýyly diýip yglan edildi. Ýylyň şeýle atlandyrlymagynyň esasy maksady dünýäniň ähli ýurtlarynda saglygy goraýyş işgärleriniň hünärini we saglygy goraýyş işgärleriniň hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýäde saglyk ulgamyndaky hyzmatlaryň hiliniň has-da ýokarlanmagy babatda köp işleri alyp barýar. Bu ugurdaky käbir seljermelere görä, öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda dünýäde 18 million goşmaça lukmanlara zerurlygyň bardygy mälim edildi. Bu babatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri şepagat uýalarynyň işini kämilleşdirmek we sanyny artdyrmak  taslamasyny durmuşa geçirmek  boýunça agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa býurosyna agza ýurtlarda 7,3 million şepagat uýalary zähmet çekýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda dünýäde ähli saglygy goraýyş işgärleriniň 70 göterimini zenanlar düzýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar