SPORT

Halkara sambo federasiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Roberto Ferraris Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi. Ol bu hatynda Halkara sambo federasiýasynyň türkmen samboçylarynyň Bişkek şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda gazanan üstünligi bilen gutlady.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Halkara sambo federasiýasy (FIAS) Türkmenistanyň sambo boýunça ýygyndy toparynyň şu ýylyň 11 — 13-nji noýabry aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Sambo boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edendigi bilen Sizi gutlaýar. Dünýäniň 50 ýurdundan iň gowy samboçylaryň gatnaşan ýaryşlarynda Türkmenistanyň türgenleri 1 altyn, 1 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular.

Biziň federasiýamyz türkmen samboçylarynyň şeýle üstünliginiň Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň bilelikde yzygiderli geçiren işleriniň netijesinde mümkin bolandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, sambo sportuny hemişe goldaýandygyňyz, şeýle hem ýurduňyzyň halkara derejede gazanýan uly sport üstünliklerine goşýan goşandyňyz, Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň işine üns berýändigiňiz üçin Size hoşallygymyzy beýan edýäris.

Şeýle üstünlikli hyzmatdaşlygyň geljekde hem täze, ajaýyp netijeleri gazanmagyň bähbidine ösdüriljekdigine umyt edýäris.

Size hem-de Milli olimpiýa komitetine üstünlikleri, täze ýeňişleri hem-de medallary arzuw edýäris.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi