Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň sanlu ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň sekiz aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýanwar — awgust aýlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça degişli işler geçirildi.
Ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň gelendigi bellenildi. Şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy. 6-njy awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hem-de Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy ýurdumyza geldiler.
Hasabat döwründe onlaýn tertipde hormatly Prezidentimiziň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly YHG-nyň XIV sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde, “Durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagatyň özgerişi” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine hem gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň birnäçesi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 173-si guraldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 109-syna gol çekildi.
DIM-niň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli guraldy. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygy, “Merkezi Aziýa — Hytaý” we “Merkezi Aziýa — Russiýa” derejesinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe ikitaraplaýyn Hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.